YKDYSADYÝET

Türkmenistanda tebigy gazyň eksporty artdyrylýar

Şu ýylyň on bir aýynda Türkmenistanda tebigy gaz almak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 121,4%-e, «mawy ýangyjyň» eksporty boýunça bolsa 132%-e barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijileriň ösüş depgini, degişlilikde, 122,1 we 136,7% derejesinde üpjün edildi, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

«Mawy ýangyjyň» gory boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan onuň önümçiligini we eksportyny artdyrýar.«Mawy ýangyç» söwdasy baradaky baglaşylan şertnamalar boýunça borçlarymyzy ýerine ýetirmek üçin, geljek ýyllarda «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişini we ýurduň beýleki uglewodorod ýataklaryndan goşmaça gaz alnyşyny güýçlendirmek göz öňünde tutulýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: