«Lebapgazçykaryş» müdirliginde geçen iki aýyň dowamynda tebigy gazy çykarmak boýunça meýilnama 115,8 göterim ýerine ýetirildi.
Gazçylar göz öňünde tutulanyndan 287094 müň kub metrden gowrak «mawy ýangyç» aldylar. Has takygy, ýanwar-fewral aýlarynda 1 813 197 müň kub metr gaz almak meýilleşdirilipdi. Hakykatda bolsa, 2 100 291 müň kub metrden artyk tebigy ýangyç çykaryldy.
Şonuň ýaly-da, 9 477 tonna gaz kondensaty çykaryldy, Bu meýilnamadan artyk 1 480 tonna gaz kondensatynyň alandygyny aňladýar. Netije bu baradaky meýilnama 118,5 göterim berjaý edildi.
«Malaý — Bagtyýarlyk» gaz geçirijine bolsa 1 343 651,666 müň kub metr tebigy gaz goýberildi. Bu göz öňünde tutulanyndan iki esse diýen ýaly, ýagny, 652 580,666 kub metr köpdür.