JEMGYÝET

Türkmenistanda täze ýubileý medaly döredildi

Türkmenistanda «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze medaly döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna 9-njy fewralda gol çekdi.

Kanun bilen bu medal hakyndaky Düzgünnamany we onuň Ýazgysyny tassyklady. Kanun şu günden ― onuň metbugatda çap edilen gününden güýje girdi.

Kanun bilen birlikde täze medalyň Düzgünnamasy we Ýazgysy «Türkmenistan» gazetiniň şu günki ― 2024-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky sanynda paýlaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: