TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda täze wise-premýer wezipä bellenildi

7-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bahar Hojamuradowna
Seýidowany medeniýet meseleleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary edip belledi. Ol 2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri bu wezipede işlän Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowanyň wezipesini eýeledi.
Bahar Hojamuradowna Seýidowa 1986-njy ýylda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň
Hojalyk geňeşliginde doguldy. 2009-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyny çagalar
we mekdep kitaphanalarynyň kitaphanaçysy hünäri boýunça tamamlady.
2002-nji ýylda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň “Magtymguly” daýhan birleşiginde
kärendeçi bolup zähmet ýoluna başlady. 2009 — 2012-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Medeniýet merkeziniň kitaphana bölüminiň kitaphanaçysy bolup işledi.
2012 — 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň düzüminde dürli wezipelerde işledi. 2016-njy ýylyň aprelinden 2018-nji ýylyň ýanwary aralygynda Türkmenabat şäher häkimliginiň Raýat ýagdaýlarynyň namalar ýazgysy bölüminiň müdiri.
2018 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher
komitetiniň bölümçe müdiri bolup işledi. 2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy.
2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri bolup işledi.
2023-nji ýylyň aprelinden 2025-nji ýylyň fewral aýynyň başyna çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna”, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: