TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda täze töleg ulgamy ornaşdyrylar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan bank işiniň täze usullaryny ornaşdyrmak, hususan-da, «Galkynyş» töleg ulgamyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň ýurtda menzilara bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, munuň özi edaralar we şahsy taraplar üçin döwrebap hem-de ýokary hilli menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge we olaryň gerimini giňeltmäge, şeýle hem bank işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: