BILIM

Türkmenistanda täze okuw gollanmalary çap edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurduň ýokary okuw mekdepleri we umumy bilim berýän orta mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çykaryldy.
Ýakynda neşir edilen “Arap diliniň fonetikasy” diýen okuw kitaby ýokary hünär derejeli dilçileri we terjimeçileri taýýarlamak, Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap usulyýetleri we tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, bilim berlişiniň mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça ylym we bilim ulgamynda ileri tutulýan wezipelere laýyklykda taýýarlanyldy. 
Şeýle hem ýurduň ýokary okuw mekdepleri üçin “Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasy çykaryldy, onuň awtory Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika
kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedow.
 “Maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar” atly beýleki okuw kitaby awtorlar M.Çüriýew, D.Çaryýewa, M.Annaýew tarapyndan ýurduň rus diline ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän orta mekdepleriniň XII synplary üçin taýýarlanldy.