Türkmenistanda täze nebit guýularynyň ikisi işe girizildi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Günbatar sebitdäki Uzynada käninde guýynyň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanyşa girizilmegi netijesinde guwandyryjy görkezijiler gazanyldy. Bu buýsançly wakadan köp wagt geçmänkä-de gürrüňi edilýän konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň zähmet toparlary bir günüň dowamynda birbada iki guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar.
Olar geljegi uly Uzynada känindäki 80-nji, Demirgazyk Goturdepe känindäki 415-nji ulanyş maksatly guýulardan «gara altynyň» hem-de gaz kondensatynyň senagat akymlaryny aldylar. Munuň özi, kuwwatly senagat kärhanasy tarapyndan alynýan gymmatly çig mallaryň möçberleriniň artdyrylmagyna aýgytly täsirini ýetirdi. Geçirilen gazuw işleriniň jemi boýunça Uzynada käninde ýerleşýän taslama çuňlugy 6800 metr bolan guýynyň 6652-6659 metr çuňlugyndan gaz kondensatynyň bol senagat akymy alyndy. Netijede önümli guýy «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa tabşyryldy. Häzirki wagtda ol bir gije-gündizde 85 müň kub metr tebigy gaz, şeýle-de 73 tonnadan gowrak kondensat berýär.