TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda täze kuwwatly desgalaryň gurulmagy dowam etdiriler

Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwaty raýatlaryň bähbidine, ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem-de täze durmuş we senagat maksatly desgalary gurmaga gönükdiriler. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşuly nesline iberen Gutlagynda nygtady.
«Türkmenistanyň öz saýlap alan döretmek we gurmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna, dünýäniň kuwwatly, gurply döwletleriniň biridigine aýdyň şaýatlyk edýän täze şäherleri, etraplary, döwrebap obadyr şäherçeleri, iri senagat kärhanalaryny gurup, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýarys. Biz geljekde hem Watanymyza bolan beýik söýgimiz, agzybirligimiz we jebisligimiz, kuwwatly mümkinçiliklerimiz bilen halkymyzyň
bagtyýar durmuşy üçin tutumly işleri ýokary depginde dowam etdireris» – diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.