TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda täze kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryna laýyklykda täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işini dowam etdirýär. Häzirki wagtda bitarap döwletimiziň parahatçylyk syýasatynyň hukuk esaslary, ylmy intellektual eýeçilik gatnaşyklary we wirtual aktiwleriň dolanyşygy bilen baglanyşykly birnäçe kanunçylyk namalarynyň taslamalary üstünde iş alnyp
barylýar. Şeýle hem hereket edýän käbir kanunlara döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler girizmek göz öňünde tutulýar. Bu barada hormatly Prezidentimize Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa habar berdi.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu ugurda degişli döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, şeýle hem halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda dürli çäreler guralýar. Şeýle hem ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny
kanunçylyk taýdan goldamak boýunça ýörite iş toparlary döredildi.
Hormatly Prezidentimiz kanunçylygy döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, Mejlisiň ýolbaşçylaryna bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmek barada anyk tabşyryklar berdi.