Türkmenistanda täze iş orunlaryny döretmek babatynda işler alnyp barylýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Hökümetiň 24-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.