YKDYSADYÝET

Türkmenistanda täze gaz akymy ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň degişli gaz guýusynda geçirilen buraw işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymy alyndy. Bu Türkmenistany dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwürmek ugrunda yzygiderli alnyp barylýan işlere goşant boldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligi kemala getirmek, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, energiýa serişdelerini ugratmakda köpugurly turba geçiriji ulgamy döretmek, barlag-gözleg işlerinde sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D we 4D modelirlemek usullaryny ulanmagyň gerimini giňeltmek möhüm wezipeleriň biridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: