MEDENIÝET

Türkmenistanda taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we dikeltmek boýunça işler ýazky möwsümde dowam etdiriler

«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda Türkmenistanda ylmy-barlag we rejeleýiş-dikeldiş işleri bahar paslynyň gelmegi bilen dowam etdiriler.
Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümetiň mejlisinde hasabat berdi.
Şu ýylyň ýaz möwsüminde degişli ylmy-barlag we rejeleýiş-dikeldiş işlerini bahar paslynyň gelmegi bilen dowam etdirmek göz öňünde tutulýar ― diýip, wise-premýer hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty jemläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylýan arheologik tapyndylary halkara derejede giňden wagyz etmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy – diýip, TDH agentligi habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: