TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda sürüjilik resminamalary bilen bagly jerimeler ýokarlandyryldy

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiň 228-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler güýje girer. Täze düzgüne laýyklykda, ulag serişdesini sürüjilik şahadatnamasy ýa-da degişli ynanç haty bolmazdan dolandyrmak bilen bagly jerimeler artdyryldy.
Şeýle-de ulag dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da bu hukugy çäklendirilen adamlaryň ulag sürmegi, şeýle adamlara ulagyň ynanylmagy üçin hem has ýokary jerimeler bellenildi. Mundan başga-da, möhleti geçen sürüjilik şahadatnamasy ýa-da wagtlaýyn rugsatnama bilen ulag dolandyrmak ilkinji gezek aýratyn hukuk bozulma hökmünde kesgitlenildi.
Täze tertip ýol hereketiniň howpsuzlygyny berkitmäge we sürüjileriň resminamalar bilen bagly jogapkärçiligini güýçlendirmäge gönükdirilendir.