Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda täze döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak bolar. Bu barada döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde aýtdy.
Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutany belledi.
Ýakynda «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem kabul edildi. Bu Konsepsiýa esasynda täze, döwrebap iş orunlaryny dörederis, ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdireris diýip, Arkadagly Gahryman Serdar nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrdy.
Türkmenistanda şu ýyl döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňe ýeter
20
Sep

