TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda söwda işlerini ýönekeýleşdirmäge gönükdirilen taslama amala aşyrylar

BMG-niň Ösüş maksatnamasy BMG-niň söwda we ösüş Konferensiýasy (ÝUNKSD) bilen bilelikde eksport-import operasiýalary üçin «bitewi penjiresi» maksatnamasyny amala aşyrýar, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan taslama söwda işlerini, eksport we import edilýän ýükleriň resmileşdirilişini we geçişini ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir.

«Bitewi penjire» ulgamy degişli sertifikatlary, rugsatnamalary we lisenziýalary içine almak bilen eksport we import operasiýalaryny resmileşdirmek üçin gerekli işleri bir nokatda geçirmäge mümkinçilik berýän onlaýn-portaldyr. Şonda ýük baradaky maglumatlar we onuň gerekli resminamalary bir gezek girizilýär. Bu portala gatnaşýan döwlet edaralarynyň hereketiniň ýokary çaltlygyny üpjün edýär.

«Eksport we import operasiýalary üçin bitewi penjire» maksatnamasy Türkmenistanda iki ýyllap synagdan geçiriler we 2023-nji ýylda bu ulgam ulanylyşa giriziler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: