YKDYSADYÝET

Türkmenistanda söwda dolanyşygynyň ösüş depgini ýokarlanýar

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 104 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy, diýlip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 5-nji martda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň mukdary, şol sanda nah ýüplügiň we nah matalaryň önümçiligi degişlilikde, 130,5 göterime hem-de 124,4 göterime, tikin hem-de trikotaž önümleriň önümçiligi 118,7 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 109,6 göterime barabar boldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 114 göterim ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: