Türkmenistanda söwda dolanyşygy artýar

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,2 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 108,6 göterime barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji fewralda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 107,7 göterime, nah matalaryňky 111,8 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 102,2 göterime, gön önümleriniň önümçiligi bolsa 117,9 göterime deň boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: