TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda söwda amallary ýönekeýleşdiriler

Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek hem-de halkara ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada degişli çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hasabat berdi. Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakyndaky halkara tejribäniň öwrenilmegi, ýurdumyzyň dünýä bazaryna integrasiýasyny çaltlandyrmaga ýardam berer.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly üns berýändigini belledi. Söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmeginiň ýurduň maýa goýum özüne çekijiligini artdyrjakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz täze dörediljek pudagara iş toparynyň işini netijeli guramagy wise-premýere tabşyrdy.