Türkmenistanda sintepon önümçilgine girişildi
Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň “Rysgally pagta” hususy kärhanasy, ýeňil senagatynda uly islegden peýdalanýan sintetik sinteponyň önümçiligini ýola goýdy. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan hususy kärhana importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilendir diýlip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Geçen ýylyň ikinji ýarymynyň özünde bu ýerde 3 tonnadan gowrak sintepon öndürilip, ýurt içindäki buýrujylara iberildi.
Kärhana uly çägi eýelemek bilen önümçilik we ammar desgalaryny özünde jemleýär.
Önümhanalarda sintetik süýüm öndürýän enjamlar ornaşdyrylyp, önümçilik işi uly möçberdäki ýylylygyň bölünip çykmagy bilen utgaşýar.
Kärhanada taýýarlanylýan sintepon özüniň ýeňilligi, çeýeligi we dykyzlygy bilen tapawutlanýar. Ol poliefir ýüplükden we gaýtadan işlenilen polietilenden öndürilýär. Taýýar önüm diňe bir dokma pudagynda däl, eýsem, oýunjaklaryň önümçiliginde hem ulanylýar.