Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiň 222-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler güýje girer. Bu üýtgetmelere laýyklykda, ulag dolandyrmagy görnetin serhoş ýagdaýdaky adama bermek, şeýle-de ulag dolandyrmaga hukugy bolmadyk serhoş adamlaryň jogapkärçiligi boýunça jerimeler ýokarlandyryldy.
Täze tertibe görä, ulag dolandyrmagy serhoş adama bermek üçin jerime indi 10 binýatlyk mukdar möçberinde bellenilýär. Ulagy dolandyrmaga hukugy bolmadyk serhoş adamlar üçin hem jerimäniň aşaky çägi ýokarlandyryldy. Şeýle düzgün bozulma bir ýylyň dowamynda gaýtalansa, jerime has-da artýar.
Mundan başga-da, ulagyň ulanmaga goýberilmegi üçin jogapkär wezipeli şahsyň sürüjä ulag serişdesini serhoş ýagdaýda dolandyrmaga bermegi üçin hem jogapkärçilik güýçlendirildi. Şol bir wagtyň özünde, ulagy serhoş ýagdaýda dolandyran sürüjiler üçin öň hereket edýän hukukdan mahrum etmek we administratiw tussaglyk çäreleri öňküligine saklanyp galdy.
Türkmenistanda serhoş ýagdaýda ulag dolandyrmak bilen bagly jerimeler artdyryldy
18
Apr

