JEMGYÝET

Türkmenistanda sekizinji teleýaýlym işläp başlar

Şu ýylyň sentýabr aýyndan Türkmenistanda sekizinji teleýaýlym işe giriziler. Ol «Arkadag» diýlip atlandyrylar.

Adyndan hem mälim bolşy ýaly, täze teleýaýlym Arkadag şäherinde amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, teleýaýlymlaryň üsti bilen halkymyza ýetirmek, şeýle hem türkmen telewideniýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymyny döretmek we 2023-nji ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri ýaýlyma berip başlamak bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: