JEMGYÝET

Türkmenistanda saýlawly edaralara dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyp başladylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyp baladylar. Olary bellige almak 28-nji fewralda tamamlandy.

Türkmenistan boýunça 14 müň 872 adam dalaşgärlige hödürlenildi. Şolaryň 3293-si Lebap welaýatyndandyr. Ýurt boýunça milli parlamentiň deputatlygyna hödürlenilen 258 dalaşgäriň 52-si, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna teklip edilen 515 dalaşgäriň 80-si, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalygyna hödürlenilen 2001 dalaşgäriň 365-si, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgär hökmünde bellige alnan 12 müň 98 adamyň 2796-sy gündogar sebitiň wekilleridir. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýän ýokary hünärli wekiller bar.

Saýlaw okruglarynyň hersinde bir orun üçin iki-üç dalaşgär hödürlenildi

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary üçin 26, welaýat halk maslahatynyň agzalary üçin 40, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary üçin 180, Geňeşleriň agzalary üçin bolsa 1397 saýlaw okrugy boýunça ses berler.

Welaýatda saýlaw uçastoklarynyň 567-si döredildi. Saýlawlar 26-njy martda geçiriler. Şol gün 728 müňden gowrak saýlawçynyň ses bermegine garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: