Türkmenistanda Russiýa bilen bilelikdäki demir ýol kärhanasynyň döredilmegi mümkin
Demir ýol gurluşygy bilen meşgullanýan Russiýanyň «Engineering Service – Putmash» kompaniýasy Türkmenistan bilen bilelikdäki kärhanany döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada «TASS», kompaniýanyň baş direktory Ýegor Lukýanowyň žurnalistlere beren interwýusyna salgylanyp, habar berdi. «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjy Ý.Lukýanow: «Biz Russiýanyň demir ýollarynyň esasy hyzmat potratçysy, şeýle hem Russiýanyň demir ýollary üçin ulag öndürijileri. Şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistanda geçirilýän sergä gatnaşýarys. Döwletara hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine umyt baglaýarys, geljekde bu ýerde bilelikdäki kärhanany hem dörederis»-diýdi. Şeýle hem Lukýanow: «Biz eýýäm möhüm gepleşikleri geçirdik, türkmen tarapyna durmuş hyzmatlarynyň birnäçesini hödürlemäge taýýardyrys» diýip belledi. Onuň sözlerine görä, rus kompaniýasy Aşgabat şäheri üçin birnäçe hyzmatlary hödürlemäge taýýar. Mundan başga-da ol, kompaniýasynyň ýakyn wagtda Türkmenistanda wekilhana açjakdygyny hem aýtdy. Lukýanowyň sözlerine görä, «Engineering Service – Putmash» kompaniýasy Russiýanyň demir ýol bazarynda 15 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär.