Medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, muzeýleri we kitaphanalary sanly ulgama geçirmek hem-de täze elektron kitap saýtlaryny döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hasabat berdi. Mejlisiň dowamynda teatrlarda we sirklerde baýramçylyk mynasybetli täze sahna oýunlarynyň taýýarlanmagy barada hem maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramagyň we milli mirasymyzy dünýä ýaýmagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik ukyplaryny höweslendirmegi, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy we medeni çäreleriň hilini ýokarlandyrmagy wise-premýere tabşyrdy.
Türkmenistanda resmi elektron kitap saýtlary dörediler
17
Jan
