Türkmenistanda raýat awiasiýasy barada täze Döwlet maksatnamasy kabul edildi
Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri
meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti
Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň
awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz bu degişli resminamany Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde gol çekdi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli awiasiýa
pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da,
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň
taýýarlanylan Döwlet maksatnamasy barada hasabat beripdi.
Maksatnamada Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy
boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň
raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini
ýokary derejede üpjün etmek üçin hukuk hem-de guramaçylyk çäreleri göz
öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.