Türkmenistanda pile borçnamasy amal edildi
7-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda wise-premýer ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Bellenilişi ýaly, döwletiň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçileri Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçilerini Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gazanylan ýeňşe Lebap welaýatynyň ýüpekçileriniň 1010 tonnadan gowrak pile bilen goşant goşandyklaryny ýatladýarys.