Türkmenistanda Administratiw hukuk bozulmalary baradaky Kodeksiň 370-nji, 371-nji we 372-nji maddalaryna üýtgetmeler girizildi. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty bilen bagly düzgünleriň bozulmagy üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan bu kanuna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi. Täze düzgünler 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girer.
Täze tertibe görä, pasportyň seresapsyz saklanmagy netijesinde onuň zaýalanmagy ýa-da ýitirilmegi üçin birden üç binýatlyk mukdara çenli, pasporty bilkastlaýyn zaýalamak üçin bolsa üçden bäş binýatlyk mukdara çenli jerime bellenilýär. Şeýle-de degişli maddalarda görkezilen beýleki düzgün bozmalary üçin jerimeleriň möçberi ýokarlandyryldy.
Mundan başga-da, pasporty kanuny esas bolmazdan almak ýa-da ony zamun hökmünde kabul etmek gadagan edildi. Şeýle ýagdaýlar üçin fiziki şahslara birden iki binýatlyk mukdara çenli, wezipeli şahslara bäş, hukuk şahslaryna bolsa alty binýatlyk mukdar möçberinde jerime salynar.
Türkmenistanda pasport bilen bagly düzgün bozmalary üçin jerimeler artdyryldy
18
Apr

