TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda pagtanyň täze sortlarynyň ikisi synagdan geçirilýär

Geçen ýyl Daşoguz welaýatynda geljegi uly bolan orta süýümli pagtanyň täze görnüşi, ýagny «Daşoguz-150»-niň önümçilik synaglary dowam etdirildi. Ony Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Pagtaçylyk ylmy agtaryş institutynyň Daşoguz welaýatyndaky Pagta seçimi we tohumçylyk bölüminiň müdiri Ç.Seýitmyradow ösdürip ýetişdirdi. Täze görnüşli pagta iki ýarym gektar ýere ekildi.
Ony oýlap tapanyň pikiriçe, hasyllylyk orta hasap bilen, her gektardan 35 sentnere ýetipdir. Sebitdäki «Gubadag» görnüşleriniň meşhur sanawyny dowam etdirýän täze önüm, esasy görkezijileri boýunça bu ekine bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär we dürli häsiýetler boýunça sebitde eýýäm synagy geçen esasy görnüşlerden pes gelmeýär.
Dörediji täze önüme ýerli howa şertlerinde gögerijiligi we kesele garşy aşa durnuklylygy, ýokary hasyllylygy we süýüm berkligini, şeýle hem beýleki gowulaşdyrylan ölçegleri «girizmäge» synanyşypdyr.
Bu görnüş bilen bir wagtyň özünde, esasy häsiýetleri taýdan gowy görkezijileri bolan orta süýümli pagtanyň başga bir täze görnüşiniň – «Jeýhun-16»-nyň-da synagy geçirildi. Tapgyrlaýyn synaglaryň netijeleri boýunça, täze görnüşleriň köpçülikleýin önümçilige ýaramlylygy barada netije çykarylar.