JEMGYÝET

Türkmenistanda pagta önümçiligini kämilleşdirmäge bagyşlanan seminar geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistanda pagta hasylyny mehanizasiýalaşdyrmak we Türkmenistan bilen Türkiýäniň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagy guramak üçin sanly ulgam arkaly seminar geçirdi, diýip, «business.com.tm» ýazýar.

Oňa Türkiýäniň Oba hojalygy we tokaý ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkiýäniň Oba hojalygy we tokaý ministrliginiň pagta gözleg instituty bilen gol çekilen hyzmatdaşlyk şertnamasynyň ähmiýeti bellenildi. Bu şertnama pagta önümçiligi mehanizasiýasynda Türkiýäniň tejribesiniň paýlaşylmagyny maksat edinýär. Türkmenistanda pagta önümçiligi bilen bagly hereket edýän kanunlar barada maglumat berildi.

Türkmen we türk wekiliýetleri Türkmenistanda pagta hasylyny we pagta önümçiligini kämilleşdirmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.