Türkmenistanda Özbegistanyň täze ilçisi işläp başlady
13-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň täze
bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowdan ynanç
hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we diplomat ikitaraplaýyn görnüşde,
iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli
ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen
bellediler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça
üstünlikli ösdürilýändigi aýdyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Munuň özi
yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň we özara saparlaryň netijesinde uzak
bolmadyk döwrüň dowamynda biziň ýurtlarymyza syýasy, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda hil taýdan täze derejä çykmaga mümkinçilik
berdi.
Köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady ugra aýratyn orun
degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy okgunly ösüş häsiýetine eýe bolup,
ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda özara gatnaşyklar
giňeldilýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara
dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Munuň özi türkmen we
özbek halklarynyň taryhy taýdan emele gelen medeni kökleriniň, ruhy
gymmatlyklarynyň, köpasyrlyk ýörelgeleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Rawşanbek Alimow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň
pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.