JEMGYÝET

Türkmenistanda otlularyň hyzmaty bir hepdelik çäklendirilýär

«Türkmendemirýollary» agentligi resmi saýtynda 16 ― 23-nji iýul aralygynda ýolagçy otlularyň ählisiniň hereketiniň çäklendirilýändigini habar berdi, diýip Turkmenportal ýazýar. Bu çäklendirme sanitariýa-epidemologiýa we zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek bilen baglydyr.
Agentlik mundan öň hem adamlaryň saglyk babatyndaky howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen käbir çäreleri durmuşa geçiripdi. Mysal üçin, Serhetabat, Kaka, Kerki, Gazojak, Tagtabazar, Etrek, Görogly, Darganata we Farap stansiýalaryndan münýän ýolagçylardan saglyk ýagdaýy baradaky kepilnama we degişli saglyk ojagyndan hem-de polisiýa bölüminden rugsatnama talap edildi.
Ýeri gelende aýtsak, her ýylda 6 million ýolagçy «Türkmendemirýollarynyň» hyzmatlaryndan peýdalanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: