JEMGYÝET

Türkmenistanda otlularyň hereketi täze ýyla çenli togtadylýar

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti otlularyň hereketiniň togtadylmagyny 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltdy. Bu barada Türkmenportalda habar berilýär.
Demir ýoluň resmi satynda: «Otlularyň hereketiniň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli wagtlaýynça togtadylýandygyny habar berýäris» diýen bildiriş berlen.
Ýurtda otlularyň hereketiniň 16 iýuldan bäri saklanandygyny habar berýäris.
Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen daşary ýurtlara howa gatnawyna, welaýatlaryň arasynda otly hem-de awtobus gatnawlaryna, metjitleriň, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň we bazarlaryň işine wagtlaýynça çäklendirme girizildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply