BILIM

Türkmenistanda orta mekdepler üçin ýene bir okuw kitaby çapdan çykdy

Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň takyk ugurly dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän XI synpy üçin «Modelirleme we grafika» okuw kitaby (awtorlary: K.Udamuradowa, E.Amanow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Bu okuw kitaby öz öňünde okuwçylara modelirlemegiň esasy tapgyrlaryny açyp görkezmegi, olarda model pikir ýörediş ukybyny kemala getirmegi, logiki we döredijilikli pikirlenişi ösdürmegi wezipe edip goýýar.
Okuw kitabynyň «Model düşünjesi» bölümi dört bapdan ybarat. «Modelirleme» bölüminde meseläniň goýluşy, obýektleriň häsiýetnamalary, görkezijileri we olaryň arasyndaky baglanyşyklary kesgitlemek, netijeleriň degişli şerti kanagatlandyrýandygynyň barlagy boýunça tapgyrlary, «Grafiki gurşawda modelirleme», «Düzme» atly bölümlerinde grafiki gurşawda modelirleme, modelirlemede adaty geometrik serişdeleri ulanmak, düzme düşünjesi hem-de
onuň obýektleri, gurluşlaryň görnüşini düzmek boýunça meseleleriň özleşdirilmegi göz öňünde tutulypdyr.