TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda önümçilik 12 göterim artdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Hökümetiň 6-
njy dekabrda geçirilen mejlisinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli
ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek babatda görlen
toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3
göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,2 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,1 göterime, söwdada 9,5 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,7 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň on bir aýynda jemi öndürilen önümiň möçberi 12,1 göterim artdy.