- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

«Türkmenistanda öndürilen» ýazgy bilen

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk şanly toýuny zähmet sowgatlary bilen garşylaýanlaryň arasynda «Atamyrat-Ali» daýhan hojalygynyň zähmetsöýer adamlary hem bar. «Atamyrat-Ali» daýhan hojalygynyň esaslandyryjysy Ahmet Aliýewdir. Daýhan hojalygynyň esasy iş meýdany Farap etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär.

Tejribeli guş idediji özüniň halal zähmeti bilen ilatyň saçagynda önümleriň, hususan-da guş etiniň we beýleki önümleriň bolçulygynyň döremegine uly goşant goşýar. Ýyllaryň geçmegi bilen önümçilik has giňeldi. Bu ýerde kämil önümçilik enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar. Daýhan hojalygynyň ýörite dükanlarynda towuk etiniň we beýleki guş önümleriniň ýokary hilli görnüşleri alyjylara yzygiderli hödürlenilýär. Ekologiýa taýdan tämiz, ýokary hilli önümler ilatyň göwnüne ýaraýar.