YKDYSADYÝET

Türkmenistanda öndürilen uglewodorod serişdelerine isleg artýar  

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar, diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Mundan başga-da, Owganystanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: