YKDYSADYÝET

Türkmenistanda öndürilen önümlere isleg artýar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri awtobenzin, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň uçar kerosinini hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Irlandiýanyň we Serbiýanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, buýan köküniň gury ekstraky we portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 77 million dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri jemi bahasy 25 million 396 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: