- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Türkmenistanda öndürilen kaliý Hytaýa ugradyldy

Biznes Türkmenistan internet saýty ilkinji gezek Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Çindau portuna ýerli kaliý önümini iberendigi barada habar berýär. Ikitaraplaýyn geleşigiň esasynda kaliýiň 1800 tonnasy iberildi.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Lebap welaýatynyň Kelif demir ýol bekedinden her birine 40 tonna kaliý ýüklenen jemi 45 sany konteýnerden ybarat bolan otly kerweni Çindau portuna ugradyldy.

Bu konteýner kerweni Gazagystan döwletiniň üsti bilen jemi 9688 km aralygy geçer. Bu aralygyň 15 günüň dowamynda geçilmegine garaşylýar.

Kaliý döküniniň peýdalanylmagy oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, ekinleriň tebigy-howa şertlerine, kesellere we zyýanly mör-möjekleriň garşysyna durnuklylygyna ýardam edýär.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary geçen ýyl daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan himiýa serişdeleriniň täze görnüşleriniň birnäçesini öndürmäge girişdiler.

2018-nji ýylda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary boýunça mineral dökünleri öndürmegiň ösüş depgini 108,5 göterim derejesinde üpjün edildi, ýod we tehniki uglerody öndürmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, degişlilikde, 112,1 we 101,3 göterime barabar boldy.

2017-nji ýylyň maglumatlaryna görä, dünýä bazarynda ABŞ, Braziliýa we Hytaý kaliý esasy dökünini import edijilerdir. 2017-nji ýylda dünýä ýüzünde umumy bahasy 12 milliard ABŞ dollaryna deň bolan kaliý döküni import edildi. Hytaý 2017-nji ýylda umumy bahasy 1.45 milliard ABŞ dollaryna deň bolan kaliý dökünini import etdi.

Bu ugurda iň uly eksport ediji ýurt Kanada bolmak bilen, 2017-nji ýylda 4.5 millard ABŞ dollaryna deň bolan kaliý dökünini eksport etdi.