YKDYSADYÝET

Türkmenistanda öndürilen dizel ýangyjyna we suwuklandyrylan gaza isleg ýokary

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň hem-de Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny hem-de suwuklandyrylan gazy daşary ýurt puluna satyn aldylar. Şonuň ýaly-da Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz aldylar.

Şeýle hem, daşary ýurt puluna Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri boýalan tüýjümek önümleri hem-de portlandsemendini edindiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 203 müň dollaryna barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: