YKDYSADYÝET

«Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly elektrik geçirijileri öndürilýär

«Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda dürli güýjenmeli elektrik energiýasyny sarp edijilere geçirmeklige niýetlenen açyk we daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriniň hem-de kabelleriniň dürli ölçegdäki görnüşleri  öndürilýär.

Kärhanada elektrik geçiriji simleriň we kabelleriň 23 görnüşi öndürilýär. Şol sanda, alýuminiden ýasalýan, daşy açyk görnüşdäki elektrik geçirijileriniň, ýagny, elektrik simleriniň A – 16-dan  A – 70-e  çenli 5 görnüşi, alýuminiý hem-de polat bilen bilelikde taýýarlanylýan, uzak aralyklara iberilýän ýokary güýjenmeli elektrik geçiriji ulgamlaryna  niýetlenen AS – 50/8, AS – 70/11 hem-de AS – 95/16  görnüşleri öndürilýär. 

Şonuň bilen birlikde kärhanada daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriň APW – 1×10, APW – 1×16 ölçegdäki bir hatarly görnüşleriniň, APPW – 2×2,5,  APPW – 2×4 hem-de APPW – 2×6 ölçegdäki iki  hatarly görnüşlerini öndürmeklik ýola goýlupdyr. 

Bu ýerde iki elektrik geçirijisi bolan dürli ölçegdäki kabelleriň 4 görnüşi,  şeýle hem 4 we 5 elektrik geçiriji hatary bolan dürli ölçegli kabelleriň 6 görnüşi öndürilip, ýurdumyzyň dürli künjeklerine – sarp edijilere ugradylýar.

Kärhananyň «Gerim» haryt nyşanly elektrik geçirijilerine diňe bir Lebap welaýatynda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde isleg uly.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: