TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda 43 milliard 800 million manada barabar serişde özleşdirildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 43 milliard 800 million manat gönükdirilendigini we özleşdirilendigini belledi.

Çykyşda häzirki döwürde ýurdumyzda 91 hassahananyň, 153 saglyk öýüniň we merkeziniň, 85 medeniýet öýüniň, 370 sany mekdebe çenli çagalar edarasynyň, 529 orta mekdebiň, 117 sport mekdebiniň, 86 sany sport desgasynyň, 7 müň kilometre golaý awtomobil ýollarynyň gurlandygy barada maglumatlar getirilýär.

Bulardan başga-da, umumy meýdany 42 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilendigi, köp sanly beýleki durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylandygy barada hem aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: