YKDYSADYÝET

Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň öndürilişi artýar

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,1 göterime barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow 8-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynyň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi.

Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 110,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,1 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,4 göterime deň boldy.

Gök önümleri öndürmek baradaky meýilnama 114,8 göterim, bakja önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 118,3 göterim, ýeralmanyň önümçilik meýilnamasy 120,7 göterim berjaý edildi. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 163,3 göterim ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: