TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda oba hojalygynda oňyn ýagdaýlar hasaba alyndy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisinde Türkmenistanda oba hojalygynda-da oňyn ýagdaýlar hasaba alnandygy bellenildi. Geçen ýyl öndürilen gök önümler, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 5 göterim, miwe we ir-iýmişleriň öndürilişi 2,6 göterim, ýeralmanyň öndürilişi 9,2 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 0,9 göterim, süýdüň öndürilişi 0,9 göterim artdy.

Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 107,8 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 102,4 göterime deň boldy. Mundan başga-da, ýurdumyzda 1 million 485 müň tonna bugdaý, 1 million 280 müň tonna pagta, 86 müň tonna şaly, 2 müň 131 tonna pile öndürilip, bellenilen meýilnamalar berjaý edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: