TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda notarial hyzmatlar üçin tölegleriň täze nyrhnamalary tassyklanyldy

Türkmenistanyň Adalat ministriniň   «Döwlet notariuslary, Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberini we olary almagyň tertibini tassyklamak hakynda» 2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran 34-iş belgili  Buýrugy bilen  Döwlet notariuslary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberi tassyklandy.
Türkmenistanyň Adalat ministriniň  2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda  çykaran 34- iş belgili buýrugy bilen tassyklandy.