YLYM WE TEHNIKA

Türkmenistanda nohudyň täze görnüşi döredildi

Oba hojaluk ministrliginiň Ylmy-barlag institutynyň däneli ekinleriň seleksiýasy bölüminde alymlar tarapyndan nohudyň täze “Bagtyýar” sorty döredilip, ol ýurduň ähli welaýatlarynda ösdürip ýetişdirmek üçin önümçilige ornaşdyryldy.
Bu barada “Bereketli toprak” gazetinde çarşenbe güni habar berildi. Nohudyň “Bagtyýar” sorty ýokary hasylly (gektarda 25 – 27 sentner), kesellere we zyýankeşlere durnukly bolup, onuň “Ýerli” sorty gektarda 6 – 7 sentner artyk däne hasylyny berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, “Bagtyýar” sortunyň 1000 dänesiniň agramy ortaça 300 grama deň bolup, ýerli sortunyňkydan 60 – 75 gram ýokarydyr.
Geçirilen ylmy barlaglarda nohut her ýylyň mart aýynyň 1-10-ny aralygynda ekilip, iýun aýynyň ahyrynda onuň däne hasyly ýygnalyp alyndy.
Şeýle hem tohumlar ýörite ekijileriň (mekgejöwen ekýän ýa-da “KASPARDO”) kömegi bilen ekilýär.