YKDYSADYÝET

Türkmenistanda nebiti gaýtadan işlemegiň we tebigy gazy çykarmagyň möçberi artýar

 Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda nebiti gaýtadan işlemegiň we tebigy gazy çykaryp almagyň möçberi artýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji martda geçirilen mejlisinde habar berilişine görä, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 101,2 göterim ýerine ýetirilipdir.

Dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 105 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň bolsa 110,7 göterim ýerine ýetirilipdir.

Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 105,3 göterim ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: