YKDYSADYÝET

Türkmenistanda nebiti gaýtadan işlemegiň möçberi durnukly artýar

Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 110,6 göterim ýerine ýetirildi. Şonda benzin öndürmek boýunça meýilnama 127,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 115,8 göterim, polipropilen öndürmek boýunça meýilnama 141,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 107,2 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz göz öňünde tutulanyndan 19,7 göterim köp öndürildi. Şonuň ýaly-da, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnama 111,5 göterim, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnamanyň 121,9 göterim amal edildi.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow habar berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: