TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda nebit önümleriniň önümçiligi artdyrylýar

2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda birnäçe nebit önümleriniň öndürilişinde ösüş gazanyldy. Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna berlen hasabata görä, dizel ýangyjynyň öndürilişi 9,8 göterim, benziniň öndürilişi 6,2 göterim artdy.
Şeýle ösüşler ýurduň içerki bazar üpjünçiligini pugtalandyrmaga, ulag we önümçilik ulgamlarynyň durnukly işlemegine şert döredýär. Nebit önümleriniň öndürilişindäki ösüş energetika we senagat kuwwatlarynyň giňeýändigini görkezýär.
Bu maglumatlar 2025-nji ýylda senagat önümçiliginiň dürli ugurlarynda depginli ösüşleriň dowam etdirilendigini görkezýän sanly deliller hökmünde beýan edildi.