SYÝASAT

Türkmenistanda mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsi geçildi

Beýik ata¬-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem¬-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has¬-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli gü¬näsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi.
Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Bu baradaky habar metbugatda çap edildi.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply