TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda möwsümleýin oba hojalyk işleri talaplara laýyklykda alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew 24-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, gowaça ekiljek ýerleri tekizlemek, geriş we çil çekmek, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlarda ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş
möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak babatda hem netijeli işler geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: